Bagban

Автор:
Какаджан Балканов

0

   Чем чаще Вы делитесь стихами в соцсетях и блогах, тем больше Вас читают!

 



 

 

Bagban

 

Şahyr Hojaberdi Çaryýewiň ýubileýine

 

 

Bizem-ä altmyşdan ýaňjajyk geçdik,

Sen ýetmişi eýýäm arka atypsyň.

Halypa, söbügňe basandyrys öýtdük,

Emma, niçe menzil ara açypsyň.

 

Ýyllar aşýarmy, ýa biz ýetip barýas,

Kethuda, ýaşuly mertebesine,

Bu derejä özümizem geň galýas,

Kaýyl bolup halkyň merhemetine.

 

Her mertebäň ykrary bar, messebi,

Pederlerden miras galmyş bu kada.

Olaryň her sözi durmuş mekdebi

Hem-de her ädimi ýörelge-ýoda.

 

Biz hem sowulmadyk seniň ýoluňdan,

Dersleriň her harpyn kemsiz bişirdik.

Öýkenmize sorduk şygyr goruňdan,

Bagrymyzy seň bagryňa siňdirdik.

 

Biz ekýäs, sen hasylmyzy ýekeläp,

Çürtýäň başlaryny, sogrup haşaly.

Şygyr hoşalarny bir-bir tükelläp,

Irginsiz saýlaýaň nepsiz pahaly.

 

Ýene onlarça ýyl hatarlap öter,

Şonda kersirän, körsürän borus,

Ýaňrasagam, öwünsegem geçerler,

Esrekden galsagam ärsirän borus.

 

Setirara çeträn sonetlermizden

Bileje bogarys bagt çemenlerni.

Gizläre şygyr galmaz hiç kimden,

Okarys  ir döwür gömenlermizi.

 

Çarçuwaly galyp galmaz—bolar ýat,

Tämiz bolar beýt arasy hemişe,

Şygyr erkin gezer, mukam bolar şat,

Şahyr köňli batlananda ýeňişe.

 

 

 

 

Kakajan Balkanow

Категоризация
Размер: 
Стихотворение
Направление: 
Гражданские
Жанр: 
Юмор
Статистика
Просмотрено гостями: 
0
Просмотрено пользователями: 
0




Нравится