Gadymýetden öwsen älemgoşar (Esse)

Автор:
Какаджан Балканов

0

   Чем чаще Вы делитесь стихами в соцсетях и блогах, тем больше Вас читают!

 



Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow:

 

 “Altyn düýeli ” pygamber dünýädäki iň gadymy dinleriň biri otparazlygy we onuň mukaddses kitaby Awestany  döredipdir.

 

 

 

Gadymýetden öwsen älemgoşar

(Esse)

 

      Adam ogly gözelligiň hyrydary. Ol owadan bägüliň ysyndan lezzet alýar, çagalaryň şadyýan gülküsine şatlanýar, asmanyň gursagyna dakylan älemgoşary synlap dokunýar. Ynsan tebigatyň ähli gözelligini özüne jemlän ýeke-täk jandardyr. Onuň görk-görmegine baha berenimizde her bir şahsyň özboluşly hiç kime meňzemeýän gözelliginiň bardygyna göz ýetirýäris. Adamyň içki gözelligi bolan ruhy baýlygyna, ýagny akyl-paýhasyna, mähirliligine, messepliligine, merdanalygyna, dogruçyllygyna, halallygyna onuň bilen ýüzbe-ýüz bolup söhbet edenimizde, bile sapara gidenimizde, işleşenimizde we bir suprada duz-emek bolanymyzda akyl ýetirýäris.     

      Adam ömri paýawlap süňňi gowşanda-da, gözleriniň nury pessaýlanda-da onuň ruhy gözelligi egismän, tersine ýyl-ýyldan kämilleşýär. Ol ömrüniň ahyryna çenli kämilligiň ýoluny agtaryp, şol ýörelgäni külterläp, adamzadyň päk ahlakly sypatlarynyň çür depesine çykjak bolup dyrjaşýar. Ynsanyň ruhy taýdan kämilleşmek hyjuwy nesilden-nesile geçip, asyrlarboýy dowam edip gelýär.

      Tebigatyň kanunlaryna laýyklykda hiç bir zat, hiç bir hadysa öz-özünden emele gelmeýär we döreýän zatlar hem-de her bir hereket edýän hadysalar tebigatyň kanunlaryna tabyndyrlar. Her bir hadysanyň, her bir zadyň, başlangyj we sebäbi bardyr. Älem we adamzat taryhynda her bir hadysa, her bir taglymat indiki döwrüň başydyr. Bu üznüksiz we yzygiderli hereket burum-burum bolup ýokary galýan basgançagy—kämillige barýan ýoly ýatladýar.

      Her dürli müň öwüşginli, gaýnap-joşýan Ynsan ruhynyň gözelliginiň aýratynlygyna, onuň dyngysyz ösüşde bolup, kämilleşişine, 2019-njy ýylyň 21-22-nji dekabrynda Marynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda görkezilen “Altyn düýeli pygamber ” atly taryhy dramanyň premýerasyna gelen tomaşaçylar has-da oňat göz ýetirdiler. 

       Kakabaý Zamanowyň bu pýesasy 2010-njy ýylda  Türkmenabadyň “Seýitnazar Seýdi” adyndaky döwlet sazly drama teatrynda “Zaratuştra” ady bilen sahnalaşdyryp, tomaşaçylara görkezilipdi (režissýor Röwşen Welliýew).

       Eseriň awtory Kakabaý Zamanow we oýnuň režissýory Akynazar Hommyýew tomaşaçylaryň ünsüni pýesanyň özenine— adamzadyň iň ýokary ahlak sypatlary bolan mähirlilige, päkýüreklilige, ýagşyzadalyga, birek-birege sylag-hormat goýmaklyga, hemaýat etmeklige we şol nukdaý nazardan jemgyýetde parahat we asuda durmuşda ýaşamaklygy dowam etdirmeklige gönükdirýär hem-de lukmançylyk  ylmynyň gözbaşyny esaslandyran, köphudaýlygy ret edip, birhudaýlygy wagz eden, adamlary ýamanlykdan saplanyp, ýagşylyga ündän “altyn düýeli pygamber” Zaratuştranyň taglymatlarynyň asyrlar ötüp, biziň günlermize çenli öz ähmiýetini ýitirmändigini nygtaýar.

         Spektaklyň prology gadymy Marguş döwletiniň Spitama ülkesiniň ilatynyň agzalylygy artyp, dawa-jenjeliň howry ýokary derejä—gaýnamaga ýakynlaşandygyndan başlanýarýar. Bu goh-galmagala ak köýneklije oglanjyk—Zaratuştra Poruşaspa ogly gelýär. Ol uly adamlaryň bir-birinden närazylygynyň sebäbine düşünip, ýersiz dawalaşygyň çatakdygyny düşündirjek bolýar, emma muňa adamlar üns bermän, hersi özüniňki hakykat saýyp, goh-galmagallaryny barha güýçlendirýärler. Zaratuştranyň çaga ýüreginde oýanan mähremlik duýgusy bütin ömrüne  ynsanlara diňe ýagşylyk etmek hyjuwyny alawlandyryşy, ýagşy bilen ýamanlygyň gapma-garşylygy we iň soňky pursatda ýagşylygyň ýamanlykdan üstün çykýşy pýesanyň içinden eriş-argaç bolup geçýär.   

          Aradan birnäçe ýyllar geçýär, durmuşdan baý tejribe toplan, akyly-paýhasy goýalyşyp, kämil Zaratuştra pygamber (Türkmenistanyň at gazanan artisti, Muhammettirkiş Rüstemow)   ýene-de ilatynyň dawa-jenjelininiň arasyny açjak bolup synanyşýar we halkyny agzybirlige çagyrýar: “Ýerem, suwam, asmanam, Günem, ynsanam Beýik Taňrynyň yaradany. Bir-biriňizi agyrtmaň, ynjytmaň! Ähliňiz bir atanyň-enäniň balasy”. Ündeýän öwüt-nesihatlaryna pitiwa bermeýän halkyndan närazy halda, çykalga tapman,  Zaratuştra kalbynda oýanan ýagşy niýetlerini amala aşyrmak maksady bilen adamlaryň adalatly, bagtyýar, asuda we agzybir durmuşyny nähili edip, gurmalydygyny taňrysy, Ahura-Mazdadan  soraýar.

          Sahnaň ýüzüni lemmer-lemmer ak bulut tutýar,  howada alawlaýan oduň salgymynda, asmandan ak lybasly Ruhyň–Ahura-Mazdaň hyýaly şekili (sesini beren Türkmenistanyň halk artisti, Kakageldi Garajaýew) inýär.

          Arap dilinde “älem” sözkökünden, ylym, alym sözleri emele gelýär, bu üçburçluk bilen dünýä syrlaryny açmak üçin ynsan ilki özüniň ýumruk ýaly seri bilen özüniň kimdigini we jemgyýetde nähili ornunyň bardygyna göz ýetirip, soň togalak Ýerň syrly many-mazmunyny özleşdirdirmeli, ana şondan soň Ýaradanyň kämil kanunlaryny açmaga synanyşyp bilersiň diýip, Ahura-Mazda Zaratuştra düşündirýär. Taňrysyndan ylym (älem) barada sapak alan Zaratuştra: “Ylym—durmuşyň akymyny çaltlandyryp, ýaşaýyş depginini güýçlendirýär. Ylym—ynsan tebigatyny gözelleşdirip, halk kalbyny nurdan, ýüreklerini yşkdan hem höwesden doldurýar” diýýär. Awestada şekillendirilen bir-birine owsunyşyp duran, altyn jama zäherlerini (melmemlerini) pürkjek bolup duran  goşa şamara bolsa: “Altyn şamar akyl-paýhasyň we pelsepe ylmynyň nyşanydyr, kümüş şamar bolsa saglygyň we hekimlik ylmynyň nyşanydyr. Olar bir-birinden aýrylmazdyr, çünki adam gurluşyny bilmezden älem gurluşyny bilip bolmaz” diýip, atharwanlara—şägirtlerine ders berýär.     

           Adamlary  derdu-belalardan halas  edip olara süňňi saglyk, ruhy tämizlik, agzybirlik hem-de adalatlylyk paýlasyn diýip, Ahuramazada Zaratuştraň egnine arassalygyň, päkligiň, tämizligiň, ebediligiň nyşany bolan ak lybasy atyp, gudratly tebipçilik ylmyny bagş edýär-de: “Haýyrly işiň rowaç bolsun, eý ynsan ogly!” diýip, oňa ak pata berýär.  

           Lukman-alymlar adam bedeniniň düzüminde D. Mendeleýewiň tablisasyndaky altmyşdan gowrak elementleriň we mikroelementleriň  bardygyny takykladylar.  Şol elementleriň biri kemlik edendde näsazlyk başlaýar we kesel döremegi mümkin. Janly organizmde ( adam, haýwanlar we ösümlikler) gije-gündiz, dürli üznüksiz biohimiki reaksiýalar yzygiderli we sazlaşykly geçip dur. Bu hadysalaryň amala aşmagy üçin energiýa gerek. Öňden bilişimiz ýaly, adamda  Günüň şöhlesiniň  ýardamlygynda geçýän her bir biohimiki prosess üçin suw bilen tebigy himiýa ýangyjy bolan, iýmit zerur. Iýýän iýmitimiz bölek-bölek maddalra bölünip, öýjükler üçin gurluşyk maddalara we biohimiýa ýangyjyna öwrülýär. Biohimiýa reaksiýalaryň dowamynda öýjükler abatlaşyp, täze durkuna gelýär, organizm üçin möhüm maddalar emele gelýär. Reaksiýalaryň kadaly geçmegi üçin hem energiýa (gyzgynlyk) sarp edilýär, hem bölünip çykýar. Mundan başga-da suw, kömürturşy gazy we adam üçin ýaramsyz maddalar emele gelýär-de, organizmi terk edip çykyp gidýärler. Bu hadysanyň yzygiderliligini saklamak üçin adamyň her gün toprakdan önýän iýmiti iýmegi we suw içmegi zerurdyr.  Zaratuştra öz tejribesinde, ynsanda üç sany esasy “damaryň“ (suw, ot, toprak) bardygyna we şol üç damaryň biri näsaz işlände dokuz müň dokuz ýüz togsan dokuz keseliň ýüze çykýanlygyna düşünip,  metaforiki manyda beýan edýär.

          Elbetde, her bir taglymat özüni ykrar edýänçä köpdürli kynçylyklary ýeňip geçmeli bolýar, dürli şowsuzlyklara sezewar bolýar. Adamlaryň saglygyny gorap, olaryň jebir çekýän kesellerinden saplandyryp ýören Zaratuştranyň şägirtleriniň—atharwanlaryň biri ýowuz güne düşýär, ýagny Zaratuştranyň we onuň şägirtleriniň taglymatyna, hekimligine müňkür bolan Tumar soltanyň Serkerdesi (Merdan Çaryýew) olary jadygöý, hilegär hökmünde saýyp, ýüzärik tütedip ýören atharwanlaryň birini jezalandyrýar—öldürýär.  Şägirdini halas etmäge gelen Zaratuştrany bolsa, äsgermezlik bilen birýaňa pyzyp goýberýär. Bigünä şägirdiniň ýüregine sanjylan adalatsyzlyk hanjary Zaratuştranyň kalbyny para-para edýär. Onuň ýüreginden çykýan patetiki ahy-nalasy pygamberiň kuwwatyny gaçyryp, sahnada eýläk-beýläk çabalanyşy, rampanyň sazlaşykly öçüp-ýanýan yşyklary (yşyklandyryjy  Döwlet Täzebaýew) we zaryn, ýüregiňi elendiriji sazy bilen utgaşyp, tomaşaçylara güýçli emosional täsirini ýetirýär. Gapma-garşylyklaryň: hak bilen nähakyň, ýagşylyk bilen ýamanlygyň baky dartgynly dramatizmi, Zaratuştranyň kalbynda çuňňur ynsanperwerlik, gussaly, pafosyny alawlandyrýar. Ol adalatly we bagtyýar durmuşyň binasyny düýbiniň tutylyşygynyň syryny açjak bolup uç tapman,  Ahura-Mazda ýüzlenýär. Ol pygamberine sabyrly bolmagyny we diňe ýeke Taňra ybadat etmelidigini ündeýär we ilki özüňi açman älem syrlarynya akyl ýetirip bolmajagyny düşündirip ony köşeşdirýär. Zaratuştra Taňrydan öz halkyna agzybirliginiň, bagtyýarlygynyň we rowaçlygynyň ebedi bolmagyny we onuň ýoluny nur eýlemegini dileýär.

          Zaratuştra atharwanlaryna keramatly “Awestadaky” diňe lukmançylyk ylmyna dahylly gutarnykly ylmyň düşünjelerini öwretmän, onda  agzalýan “esasy durmuş ýörelgeleri bolan: keramat, halallyk, adalat—bitewidirler we Ýer ýüzündäki adamzadyň ýaşaýyş kanunydyr, we, keramat, adalat nä derejede rowaçlanýan bolsa, Taňry şalygynyň çäkleri şonça-da giňelýändir. Beýik Taňrydan adamzada peşgeş berlen ömür mynasyp ýaşamak we yzyňda nesil goýmak üçin niýetlenendir. Ynsana güýç-kuwwat, arassalyk, päklik hem köňül rahatlygy berip biljek ýeke-täk zat, ol hem ynsanlaryň şahsy päkligi hem halallygydyr”—diýip,  öwran-öwran gaýtalaýar.

          Elleri türkmeniň ak öýüniň uklaryna meňzeş hasaly atharwanlar her gün lukmançylyk ylmyny öwrenmäge girişmezden, keramatly oduň daşynda edýän kuwwatlandyryjy we öz-özüňi ruhlandyryjy “küştdepdä” çalymdaş ritual tanslaryny edýärler. (horeograf  Gerçek Orazmuhammedow).

          Sähraýy adamlar “ şu keramatly, perişde sypatly” diýilýän adama öz gözleri bilen göz ýetirmeseler,  gulak gabardyp duranoklar.  Olaryň ynamyna girip, söýgülerini gazanjak bolsaň päkýürekli, adalatly, dogruçyl, merdana, ynsanperwer häsiýetleriň eýesi bolup halkyň “ody bilen girip, küli bilen çykmaly”, watandaşlaryňa gije-gündiz päkýürekli hyzmat etmeli. Beýik Taňrynyň eradasy bilen pygamberlik derejesi berlen Zararuştrada adamzadyň asylzada sypatlarynyň hemmesini özüne jemlänsoň, milletiniň iň ynamly we ygtybarly adamsyna öwrülýär. Hekim Zaratuştra halkyna jany-teni bilen hyzmat edip, şägirtleri bilen müňlerçe hassanyň dertlerine dep edýär, mazlumlaryň göwünlerini seýikleýär.  Ol akyl-paýhasy şamaryňky ýaly, gözleri bürgüdiňki ýaly, ýüregi şiriňki ýaly, gyzyňky ýaly ýakymly elli we ajalyň gözüne dogry seredip bilýän wepaly atharwanlary bilen halkyny mergi keselinden halas edýär. Mergi keseliniň soňuna çykylansoň, ýowuz beladan sag-aman azat bolan adamlar Zaratuştra pygamberine alkyş okap durkalar, suratkeş  (Maýsa Italmazowa)  Zaratuştrany sekizburçluk nyşanyň içine salyp, ýokaryk göterýär we şeýdip pygamberiň  abaraýynyň belentliginiň nyşanyny  şekillendirýär. Bagtyýar halk elhenç hadysa sowlandan soň  adaty, asuda durmuşyny dowam etdirýär.

      Pýesa kulminasion  fabula  ýakynlaşýar.

      Goňşy ýurduň patyşasy Hüňkar, Tumar soltanyň ogluny ýesir alyp, şert goýýar: eger-de Tumar soltan tagtdan düşüp, onuň aýaly bolsa hem-de ýurdy Hüňkara tabyn bolan ýagdaýynda ogluny ýesirlikden boşatjakdygyny habar berýär. Watansöýüji, öz halkynyň bagtyýarlygyny şahsy bähbidinden eziz görýän Tumar soltan Hüňkaryň teklibine kes-kelläm garşy çykýar, ukudan-işdäden kesilip, bimar  hala düşýär. Onuň derdine ne em, ne-de tebip tapylýar. Şazenanyň haraý isläp her gün çokunýan daş hudaýlaryndan hem şypa tapmaýar. At-abraýy äleme ýaýran hekimiň owazasyny Zaratuştranyň şägirtleri bilen bilelikde agyr keselden halas eden Derwüşden (Juma Ýolow) eşiden köşk Wekili (Sapar Hanalyýew)  ýurduň şazenany Tumar soltana (Türkmenistanyň at gazanan artistkasy Nurbike Mollaýewa ) ýetirýär we derdinden saplanmak üçin Zaratuştra ýüz tutup görmekligi maslahat berýär.

         Sahdada elektron saz gurallarynyň fonunda  ýaňlanýan gadymy naýyň sesini hadysa görä kä gamgyn, kä şadyýan çykarýaan owazyny hem-de nagaraň dowul ýaýradýan gümmürdisini saz bezegi Muhammet Baýramow ussatlyk bilen ýerine ýetiripdir.  

         Zaratuştranyň Tumar  soltana beren taňrysalamy jogapsyz galýar...  Öz döwrüne mahsus aksessuarlar bilen bezelen, şa köşgi, goşa ýarymaýly haýbatly tagtyň üstünde oturan Tumar soltanyň özi, hem-de köşk emeldarlarynyň baý geýnüwleri, köşgi haýbatly görkezse-de, şa huzuryna çagyrylan Zaratuştra birjik-de üýşenmän, buýsançly başyny dik tutup, özüni erkin hem ynamly duýýar. Köşk weziri we emeldarlary hem Zaratuştranyň beren taňrysalamyna geňirgenýärler we ony edepsizlikde aýyplajak bolýarlar. Köşk Maslahatçysy (Türkmenistanyň at gazanan artisti Nazzyýew Muhammet) taňrysalamynyň manysyny düşündirenden soň, bimarlykdan aýňalyp başlan şazenan, pygamberiň salamyny alýar. Weziriň (Hoja Batyrow) ak lybas barada beren soragyna Zaratuştra: “ak lybas—ýürek aklygyň, päkligiň, arasaa ahlaklylygyň, ynsanperwerligiň nyşanydygyny; agza dakylýan ak örtük bolsa, näsaglardan birek-birege nämähren demiň düşmeginden goranmakdyr” diýip düşünirýär.

        Zaratuştra köşk Hekiminiň  (Parahat Akmyradow) Tumar soltana eden emlerini birin-birin tanap, “synagdan” geçensoň, dyzyna çöküp Taňra ybadat edýär we Tumar soltanyň keselinden saplanmagyny dileýär, ybadatyň ortasyna ýetende “tapdym” diýip gygyrýar. Tumar soltanyň bimarlyk keselinden açylmagyna ýeke-täk ýoluň bardygyny, ýagny “hudaý” diýip çokunyp ýören boş heýkelleri ret edip bir Hudaýa ybadat etmeklige çagyrýar. Wezir hudaýlaryna dil ýetireni üçin Zaratuştra  jeza berilmegini şazenana teklip edýär.

        Daşdan ýasalan heýkelleri ýekän-ýekän hasasy bilen paýhynlan Zaratuştra: “Siziň “hudaý” diýip çokunyp ýören  daş heýkelleriňiz ol-a Sizi goramak ekeni, özlerini hem gorap bilmediler” diýip, Zaratuştra daşhudaýlaryň hemmesini hasasy bilen döwüşdirýär-de ýeke Taňra uýmaklaryny magat ündeýär. Daşparazlaryň ata-baba ybadat edip ýören hudaýlaryny döwen Zaratuştraň eden etmişi üçin Tumar soltan pygamberi ölüm jezasyna höküm  edýär. Zaratuştranyň şägirtleri bilen halky mergiden azat edenine şaýat bolan köşk Wekili bilen agyr ýaralyka Zaratuştraň melhemi bilen ölümden halas bolan şazenanyň Serkerdesi pygambere arka durýarlar. Zaratuştra esgeriň atharwanyna beren jezasy üçin onuň günäsini geçýär.

        Zaratuştranyň ýeke Hudaýyna bolan wepalylygyna,  päkýürekli ynanjyna göz ýetirip, haýran galan şazenan: “Ýagşylyga ýagşylyk her kişiniň işidir  ýamanlyga ýagşyylyk—är kişiniň işidir” diýip, Zaratuştranyň “günäsini” geçip, ony ölüm jezasyndan azat edýär. Zaratuştra Şazenanyň köşkde galmak teklibinden ýüz öwrüp, ýoluna intizar  halkyna tarap ýönelýär. Ak lybasly Zaratuştra ak ýol bilen bagtyýar geljege ynamly gadam bilen ýöräp barýar. Ol nesillerine akyl-paýhasy, ruhybelentligi, päkýürekligi, adalatlylygy we halallygy ündemäge howlugýar.

         Ahyrky mizanssenanyň perspektiwasynda “Altyn asyr” zamanasynyň hellewleşip duran binalarynyň biriniň çür depesinde häzirki döwrüň lukmançylygynyň nyşany bolan, sekizburçlugyň fonunda, ýüzärlligiň ýigrimi ýedi dänesi bilen gurşalan keýigokaraň käsesine başyny egip duran kepjebaşyň şekili görünýär. Ak lybasly, päkýürekli lukmanlaryň elinde Türkmenistanyň Prezidenti, Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmeistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabyny saklap durlar. Eli ýeňil lukmanlar, alym-lukman, akademik  Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Seýit Ysmaýyl Gürgenliniň, Muhammet Gaýmaz Türkmeniň, Abu Aly ibn Sinanyň, Gippokratyň taglymatlaryna eýerip hem-de häzirki zaman lukmançylyk ylmynyň gazanan üstünliklerinden ugur alyp, mähriban türkmen halkymyzyň saglygyny goramakda we näsaglaryň kesellerini bejermekde ähli akyl-paýhasyny, gujur-gaýratyny, tejribesini gaýgyrmajakdyklaryna kasam edýärler.

          Simfoniki orkestriň ýüzden gowrak saz gurallarynyň biri näsaz çalanda, owazyň lezzetiniň ýakymly bolmaýşy ýaly, teatryň “makroelemenleri” bolan artistleriň, suratçynyň, kompozitoryň, horeografyň, yşyklandyryjynyň, ses operatorynyň, edebiýatçynyň, grimeriň, kostýumeriň, dekoratoryň—haýsam bolsa biri kem bolanda, sahnadaky oýny režissýoryň bir özi janlandyrmaga başarnygy ýetmezdi. Kakabaý Zamanowyň we Akynazar Hommyýewiň ynamdarlyk bilen daýanan teatryň döredijilik topary gadymýetden badalga alyp, biziň döwrümiz bilen utgaşyp gidýän adamzada mahsus bolan mähirliligi, päkýürekliligi, halallygy, adalatlylygy we parahatçylygy ündeýän  umumyadamzat ähmiýetli pýesa bilen tomaşaçylaryň öňünde çykyş etdi. Bu spektakl teatrsöýüji tomaşaçylaryň kalbyndaky mähribanlyk we merdanalyk duýgylarynyň kämilleşmegine ýardam berer diýip, Marynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň döredijilik topary umyt edýär.

           Gadymy pederlermiziň, nesilbaşymyz Oguz hanyň miras goýup giden wesýetlerine eýeren Gorkut atanyň, Görogly begiň, Magtymguly Pyragynyň watansöýüjiligi, halal zähmedi, agzybirligi, ynsanperwerligi  ündän parasatly sözleriniň, päk ahlakly ynsana mahsus gylyk-häsiýetleri özünde jemlän Gahryman Arkadagymyzyň hoşniýetli goňşuçylyk  gatnaşyklary we açyk gapylar syýasaty ugrunda, hem-de ýurt abadançylygy we dünýä parahatçylygy barada edýän halkara ähmiýetli tagallalary bilen yzygiderli, eriş-argaç bolup utgaşyp gidýänligini spektaklyň  jöwhermazmunynda aýdyň duýulýar.

           Gadymyýetden şöhle saçan bu älemgoşar, ýene birnäçe asyr ötensoň, ak düýeli Pygambere, ynsanlary birhudaýlylyga çagyran we olara päk ahlaklylygy, agzybirligi, ýagşylygy, asuda durmuşy, lebiz-messepliligi, halallygy ündän altyn düýeli pygamber, Zaratuştradan habar berer.

 

 

 

 

 

Kakajan Balkanow,

 

dekabr 2019 ý.

 

 

                                                                                                 Edebiýat:

                        1.Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistan—Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi” II-nji kitap, Aşgabat 2018 ý.

                         2. Мэри Бойс «Зороастрийцы. Верования и обычаи»: Центр «Петербургское Востоковедение»; Санкт Петербург; 1994.

                        3. “Авеста”  в русских переводах (1861—1996) / Сост., общ.

ред., примеч., справ, разд. И. В. Рака.— СПб.: Журнал „Нева" — 1997.

                        4. Kakabaý Zamanow  “Zaratuştra” pýesasynyň ssenariýasy, 2007 ý.

Статистика
Просмотрено гостями: 
0
Просмотрено пользователями: 
0




Нравится