Песни

Автор:
Какаджан Балканов

0

   Чем чаще Вы делитесь стихами в соцсетях и блогах, тем больше Вас читают!

 



Dostluk

Sazy: Çary Täçmämmedowyňky.

Goşgysy:  Kakajn Balkanowyňky.

 

 

Oguz hanyň goýan öçmez mirasy—

Adaty, edebi, milli lybasy,

Ýagşy niýet bilen eden yhlasy,

Gadymdandyr türkmen dogan-dostlugy.

 

Gorkut ataň ündewinden, öwdünden,

Ene hüwdisinden, peder pendinden,

Bir goşawuç altyn alyp hersinden,

Ýugrylandyr türkmen dogan-dostlugy.

 

Merdana ýigitleň piri Görogly,

Duşmana ýüzbe-ýüz durandyr dogry,

Aslyňa buýsangyn, eý türkmen ogly!

Mizemezdir türkmen dogan-dostlugy.

 

Teke, ýomut, gökleň, ýazyr, alili, —

Bir döwleti gurdy Şahyryň ili,

Türkmen—Garaşsyz hem Bitarap indi,

Nur saçýar Pyragyň dogan-dostlugy.

 

Gowşut handyr, Nurberdi han, Keýmir kör,

Atdan düşmändirler, geýip demir don,

Şan-şöhraty henizlerem gezip ýör,

Türkmen hanlarynyň dogan-dostlugy.

 

Arkadagyň paýhasyna sygynýan,

Bagtyýarlyk döwrümize guwanýan,

Ýyldan-ýyla berkäp, pajarlap barýan,

Ýaşasyn halkymyň dogan-dostlugy!

Garaşsyz, Bitarap dogan-dostlugy.

  

Kakajan Balkanow

10.01.2019ý.

Категоризация
Размер: 
Стихотворение
Направление: 
Гражданские
Жанр: 
Лирика
Метки пользователя: 
#поэзия
Статистика
Просмотрено гостями: 
0
Просмотрено пользователями: 
0




Нравится